Karton önümçilik barada
Karton Production — biziň kompaniýamyz ekologiýa taýdan arassa we durnukly çözgütlere ygrarlydyr. 2017-nji ýylda esaslandyrylan kompaniýamyz, döredilen ilkinji gününden başlap, işewürlik hem-de daşky gurşawyň bähbitlerine laýyk gelýän gaplama önümlerini öndürmäge gönükdirilendir. Biz ekologiýa täsirini ep-esli derejede azaltmaga mümkinçilik berýän, 80%-e çenli gaýtadan işlenen materiallardan gaplama öndürýäris. Öňdebaryjy tehnologiýalary ulanmak bilen, gaplama önümlerini diňe bir iň berk standartlara laýyklykda öndürmän, eýsem ekoulgam üçin doly ygtybarly edýäris. Önümçilik prosesinde galyndylaryň mukdary mümkin boldugyça azaldylýar, galyndy materiallar bolsa dökün hökmünde ulanylýan kül şekilinde gaýtadan işlenýär. Biziň gaplama önümlerimiz diňe bir harydyň goragy bolman, eýsem plastmassadan we artykmaç sarp edişden azat has durnukly geljegiň döredilmegine uly goşantdyr. Karton Production kompaniýasynda müşderiniň harytlarynyň aýratynlyklaryny göz öňünde tutup amatly gaplama gutulary hödürleýäris. Biziň baý tejribämiz we güýçli tehniki goldawymyz önümleriň ýokary hilini kepillendirýär. Kompaniýamyz aýda takmynan 300 tonna dürli reňkli we galyňlykda karton öndürýär. Şeýle hem biz ýurduň dokma senagatynda giňden ulanylýan dürli karton aýlawlaryny öndürýäris. Kompaniýanyň işgärleri ýurduň ähli künjeginden karton gutulary we kagyz galyndylaryny ýygnap, olary gaýtadan ulanmak üçin zawodda işläp taýýarlaýarlar.
0
Işgärleriň sany
Galleriya
Habarlaşmak üçin
Biz bilen habarlaşmak üçin, bellenilen telefon belgisine jaň ediň ýa-da elektron poçta arkaly ýazyp bilersiňiz. Size kömek etmekden hoşal bolarys!